Umumy orta bilim berýän mekdepleriň VI synpy üçin okuw kitaby. Ikinji neşir. — Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016.
Fizika grekleriň «fýuzis» diýen sözünden bolup, türk mençe «tebigat» diýmekdir. Diýmek, fizika tebigat bara daky ylymdyr. Tebigaty öwrenýän başga-da ylymlar (bio logiýa, geografiýa, himiýa, astro nomiýa we ş.m.) bar. Tebigaty öwrenmekde bularyň hersiniň öz ugur lary bar. Bularyň käbirleri barada siz eýýäm bilýänsiňiz. Bi ziň daş-töweregimiz dürli hadysalardan, yzygider üýt geş melerden doludyr. Olaryň köpüsini siz günde-güna şa görýärsiňiz we iş salyşýarsyňyz. Emma şeýle bir öwrenişipsiňiz welin, olara hökmany bolaýmaly zat ýaly garaýarsyňyz-da, kän bir üns hem bermeýärsiňiz. Siz f izikany öwrenip başlamak bilen köp zada göz ýetirersiňiz hem-de şu wagta çenli näme üçin şol zatlara üns bermändigiňize haýran galarsyňyz. Fizikany yzy gider okamak bilen siz tebigatyň has gizlin syrlaryny, olaryň bellibir kanun esasynda bolýandygyny öwre ner siňiz. Tebigat baradaky ylymlaryň köpüsi ir wagtlarda döräpdir. Gadymyýetde tebigat baradaky ylymlar bilen has içgin gyzyklananlar, esasanam, grek alymlary bolupdyr. Olaryň iň meşhury biziň eýýamymyzdan öň 322-384-nji ýyllarda ýaşap geçen, ylma fizika sözüni girizen Aristoteldir.